Ahal province
logo

Latest news:
✦ «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Zenanlar - durmuşyň gözelligi ✦ ✦ 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! ✦ ✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦ ✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦
Home / Society /Körpeleriň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär
  17.10.2022
1536
Körpeleriň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Halkara Bitaraplyk gününi ýokary ruhubelentlikde garşylamak maksady bilen Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu döredijilik bäsleşigiň düzgünnamasy:
 

Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.

Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylar gatnaşyp bilerler. Olar «Dünýä dursun parahat!» diýen temadan ýazan düzmelerini, çeken suratlaryny we maketlerini degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), welaýat, Aşgabat şäher tapgyrlarynyň guramaçylyk toparyna hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän işler hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilik ýörelgelerini, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlaryny, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbini wasp etmelidir.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän düzmäniň möçberi Times New Roman şriftde 14-lik ölçegde 3 sahypadan uly bolmadyk görnüşde bolmalydyr. Şeýle-de bäsleşige hödürlenýän surat eserleriniň we maketleriň ölçegleri (boýy 50 sm, ini 70 sm) deň bolmaly. Işlere ýörite döredilen eminler topary baha berer.

Bäsleşik dört tapgyr boýunça geçiriler. Ilkinji tapgyry 10-20-nji oktýabr aralygynda mekdeplerde, ikinji etrap (şäher) tapgyry 23-31-nji oktýabr aralygynda, üçünji welaýat we Aşgabat şäher tapgyry 1-10-njy noýabr aralygynda geçiriler. Olarda ýeňiş gazanan işler 20-nji noýabra çenli Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberilmeli. Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu tapgyra ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden düzülen topar eminlik eder.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz işlerini žurnalymyzyň elektron salgysyna (gunesh_tm@sanly.tm) ugradyp bilerler. Döredijilik bäsleşiginiň tapawutlanan eserleri «Güneş» žurnalynyň geljek sanlarynda çap ediler. «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine gurnaýjylaryň adyndan Diplomlar, Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Sizden geljek hatlara garaşýarys!

 

Guramaçylyk topary.
Habarlaşmak üçin: 44-86-40, 44-88-85, 44-88-79, 38-61-70.