logo

Latest news:
✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦
Home / Politics /Köňüllerde şanly baýramyň belent joşguny
  10.12.2022
757
Köňüllerde şanly baýramyň belent joşguny

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, dostanalygyň merkezi hökmünde ynsanperwer daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji ýeke-täk döwlet bu biziň ýurdumyz – Türkmenistandyr. Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki ornuny kesgitleýän beýik ýörelgedir. Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygy üpjün etmegiň özboluşly guralydyr. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlaryna eýerip, olary durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar.

Watanymyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak esasynda köpugurly gatnaşyklaryny ösdürýär we kämilleşdirýär. Işjeň ýagdaýda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülmeginiň oňyn netijelerini berýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, kämil tehnologiýasyny, milli tejribesini ýurduň ykdysadyýetine yzygider çekmek arkaly dostlukly hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Bu bolsa parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasat strategiýasynyň dabaralanmagynyň özboluşly nyşanydyr. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara derejesinde ykrar edilip, ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna kybap gelýändigini doly subut edýär.

Ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dostanalyk, hoşniýetli goňşuçylyk, açyk göwünlilik ýaly häsiýetler ata-babalarymyzdan biziň aňymyza hem ruhumyza ornan mukaddes häsiýetlerdir. Bu asylly häsiýetler bolsa türkmen Bitaraplygynyň düýp özenini düzýär.

Biz hem, mähriban Watanymyzyň halkara jemgyýetçiligindäki beýik derejesini kesgitleýän Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, baky Bitaraplygymyz parahatçylygyň şirin sazyny älem-jahana ýaýsyn!  

 

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.