logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /Kit baş-äpet guş
  21.05.2022
1522
Kit baş-äpet guş

       "Kit baş" ýa-da heron şasy (lat. Balaeniceps rex) kitler maşgalasynyň (Balaenicipitidae) ýeke-täk wekili bolan guşdur. Ol örän äpet guş bolup, ortaça boýy 1-2 m, ganatynyň uzynlygy 2-3 m we agramy 4-7 kilogramdyr. Beýleki guşlaryň köpüsinden tapawutlylykda, onuň gözleri iki tarapda däl-de, kellesiniň öňünde ýerleşýär, bu bolsa ähli zady üç ölçegde görmäge mümkinçilik berýär. Dodagynyň uludygy sebäpli, guş dynç alýan wagty ony döşüne goýýar. Bu guşuň watany Saharanyň günortasynda ýerleşýän Afrikanyň batgalyk ýerleri hasaplanýar. "Kit baş" batgalykdaky ýaşaýşa gowy uýgunlaşypdyr, sebäbi onuň giň we uzyn aýaklary batgalyk toprakda aňsatlyk bilen hereket etmäge mümkinçilik berýär. Bu guşlaryň jübütleşmek däbi baş atmakdan, boýnuňy uzatmakdan, tumşugyna basmakdan we owazly ses etmekden ybaratdyr. "Kit başyň" sany bary-ýogy 10-15 müňe ýetýär. Bu guş ilkinji gezek 1849-njy ýylda tapyldy, bir ýyl geçmänkä eýýäm ylmy taýdan beýan edildi. Onuň uzak wagtlap stasionar bolmaga ukyplydygy suratçylary begendirýär.

 

Parahat NURJYKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.