Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Kelemiň saglyga peýdasy
  31.10.2022
2681
Kelemiň saglyga peýdasy

Kelem örän peýdaly gök önümleriň biridir. Adatça salkyn howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän kelem, taryhda iň köp iýilýän gök önümleriň biri bolupdyr. Kelemiň ak kelem, gyzyl kelem, gara kelem, Brýussel kelemi, Milano kelemi ýaly birnäçe görnüşleri bardyr. Kelemiň ähli görnüşlerinde antioksidantlaryň güýçli çeşmesi bardyr. Şeýle hem kelemde köp mukdarda C, A, pantoten kislotasy (B5), piridoksin (B6), tiamin (B1), riboflawin (B2) we niasin (B3) ýaly möhüm witaminlerine baýdyr. Onda magniý, marganes, fosfor, kalsiý we sink ýaly minerallar, esasanam natriý we kaliý bar. Bulardan başga-da kelem ereýän süýümiň möhüm çeşmesidir.

Kelem ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. gan basyşyny peseldýär, holesteriniň derejesini peseldýär, iýmit siňdiriş ulgamynyň sagdyn bolmagyna kömek edýär, iç gatamagynyň öňüni alýar we içegede peýdaly bakteriýalary köpeldýär.

Geçirilen gözleglerde, kelemiň radiasiýa bilen baglanyşykly bejergilerde hem peýdalanylyp boljakdygy anyklanyldy. Radioterapiýa bejergisinden soň ganyň düzümini gowulaşdyrýandygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem kelemiň düwnük keselinden goraýjy täsirleri hem bar.

Mundan başga-da, kelemde göz keselleriniň öňüni alýan antioksidantlar bar. Onuň düzümindäki beta-karotin göz saglygyna peýdalydyr. Ol gijeki görüş funksiýalaryny ýokarlandyrýar we gözleriň garramagynyň öňüni alýar. 

Kelem şiresiniň peýdalary: 

Öý şertlerinde kelem şiresini taýýarlamak üçin 1 litr suw gaýnatmaly we oňa 10 sany kelem ýapragyny goşmaly. Soňra gapagyny ýapyp ýene 5-7 minut gaýnatmaly. Kelem ýapraklary gaýnag suwda doly ezilensoň, bu suwy günde iki gezek içmek maslahat berilýär. 

- derini arassalaýar;
- bedende täze gany öndürýär;
- gan aýlanyşygyny çaltlaşdyrýar;
- iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar;
- wirus ýokançlyklaryndan goraýar;
- bedendäki gyzaran we çişen ýerleri tiz gowulaşdyrýar; 

 

Ýazgeldi HALYŞEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.