Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Kämil şahsyýeti kemala getirmekde terbiýäniň orny
  07.10.2022
778
Kämil şahsyýeti kemala getirmekde terbiýäniň orny

Nesil terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe babatda aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbiýe bermek ata-enäniň borjudyr. Şonuň üçin hem türkmen nakyllarynda “Edep – bergidir, bermedige – görgüdir” diýip bellenilýär. Aslynda, türkmen halky perzendini sözüň üsti bilen, paýhasly sözler bilen terbiýelemegi, görelde görkezmegi ýörelge edinipdir. Ýaş nesiller iň oňat edim-gylymlary ýagşy atadan görelde alypdyrlar.

Ösüp gelýän ýaş neslimiziň dogry ýol bilen öňe hereket etmeginde, oňat terbiýeli, arassa ahlakly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeginde taryhy gürrüňlerdir rowaýatlaryň ähmiýeti juda uludyr. Müňýyllyklaryň dowamynda kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimiz, şöhratly geçmişimiz nesil terbiýesinde hem möhüm orny eýeleýär. Bu gadymy ýörelgeleri, milli medeniýetimizi nesilleriň aňyna guýmak kämilligiň binýadydyr, röwşen geljegiň şuglasydyr.

Ynsanyň kämil şahsyýet bolmagynda onuň amala aşyrýan hereketlerini, gylyk-häsiýetini umumylykda bahalandyrmakda jemgyýet ahlaklylyk, edeplilik, halallyk ýaly düşünjeler bilen çemeleşýär. Halallyk adamyň ahlak we hukuk ýörelgeleri boýunça ýaşamagydyr. Pederlerimiz tarapyndan adamlaryň anyk hereketleri amal etmegi ýa-da ondan saklanmagy ençeme ýyllaryň dowamynda gaýtalanýan düzgünlere, däp-dessurlara esaslanýar. Adamkärçilikli, hoşniýetli häsiýetleri arkaly ahlak älemini kämilleşdirýän her bir adam özüniň ruhy tämizligi bilen jemgyýetiň ahlaklylygyny emele getirýär. Ol kämil ahlak gymmatlyklaryň eýesi bolmak bilen, wyždan, ynsap we mertebe ýaly ynsan gymmatlyklary bilen şahsyýetiň ene topraga bolan söýgüsini kesgitleýär.

Umuman, her bir adamyň ahlak gözegçisi bolan jemgyýetiň ýokary ahlakly şahsyýetlere baý bolmagy döwletde hukugyň amala aşyrylmagyna itergi bermek bilen birlikde, ýurdumyzyň adam maýasynyň kämillik derejesiniň ýokarlanmagyna, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegine itergi berýär. Milli ýörelgelerimizi öwrenmäge, ýaş nesillere döwrebap bilim bermäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Gülşat GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.