Islendik azyklyk önümiň iýmitlik kuwwaty kaloriýa ýa-da kilokaloriýa birligi bilen görkezilýär. Eýsem, kaloriýa nämäni aňladýar?
Ylymda atmosfera basyşynda bir gram suwuň temperaturasyny bir dereje ýokarlandyrmak üçin zerur bolan energiýa mukdaryna kaloriýa diýilýär. 1000 kaloriýa bir kilokaloriýa deňdir. Kaloriýa bu energiýa birligidir. Adama ýaşamak, dem almak, hereket etmek üçin energiýa zerurdyr. Ynsan energiýany bolsa gündelik kabul edilýän iýmitden alýar. Kabul edilýän iýmitiň ýokumlylygy näçe ýokary bolsa, kaloriýasy hem şonça ýokarydyr. Kaloriýa adamyň ýaşyna we fiziologiki işjeňligine görä üýtgeýär. Häzirki wagtda kaloriýany anyklamak işi ýörite programmalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Iýmitlilik kuwwatlygy adatça Kcal hökmünde görkezilip, onuň bahasyny 4,18-e bölüp kJ bahasyny hasaplap bolýar. Her bir adamyň gündelik kabul etmeli belli bir mukdardaky kaloriýasy bolýar. Gereginden artyk kabul edilen kaloriýa bedeniň agramyny artdyrýar.
Näçe kaloriýa zerur? Her bir iýmitiň belli bir kaloriýa mukdary bar. Gök önümlerden alynýan kaloriýa mukdary köplenç 100 kaloriýa ýa-da ondan hem azdyr. Et önümleri 150-den 500 kaloriýa çenli bolup, süýt önümlerindäki kaloriýa hem düzümindäki ýagyň mukdaryna görä köpelýär. Beden işjeňligi üçin bolsa azyndan 1000-1400 aralygynda kaloriýa gerekdir. Bu kesgitlenen kaloriýa bedeniň hereketsiz wagty üçin göz öňünde tutulandyr. Gündelik az hereketli işler bilen meşgullanylmagy beden üçin gerek bolan kaloriýanyň mukdaryny hem azaldýar. Tersine köp, yzygiderli hereket edilýän bolsa beden has köp kaloriýa talap edýär. Esasy bellemeli zat iýilýän iýmitiň düzümindäki ýagyň, belogyň we uglewodlaryň gatnaşygyny bilmek, şoňa görä hem iýmitleniş menýusyny düzmek möhümdir.
Didarjan KALANDAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.