logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Käkilik oty
  09.11.2021
7564
Käkilik oty

Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap, tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji «Tebigy dermanhana» bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik ösümlikleriň biri hem  dermanlyk käkilik otudyr.

Käkilik oty ynsan saglygyny bejermekde, tebipçilkde ir wagtlardan bäri ulanylyp gelinýär. Käkilik  otunyň watany Gündogar Ortaýer deňiz sebitleri hasap edilýär we Türkiýe döwletinde ençeme görnüşi ösüp ýetişýär. Käkilik oty hoşboý ysly  ösümlik  bolup, bu oty ýagly we ýagsyz naharlaryň  tagamlaryny süýjetmekde hem giňden ulanylýar. Käkilik oty şypaly ösümlik hökümünde halk arasynda birnäçe maksatlar üçin ulanylýar. Käkilik otunyň ynsan saglygyny bejermekde dermanlyk aýratynlyklary bolup, aşgazan, öýken we içege kesellerini bejermekde halk lukmançylygynda giňden ulanlyýar. Bulardan başga-da käkilik oty üsgülewik, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda çaý görnüşinde içilýär we sirop görnüşinde peýdalanylyp, ynsan bedenindäki gan üýşmesiniň, bedende dörän çişleri bejermekde ulanylýar. Käkilik oty adamynyň gan akyşyny kadalaşdyrýar, gandaky glýukozanyň mukdaryny azaldýar, şeýle-de içegelerdäki parazitlere garşy giňden ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň biri hasaplanýar. Şeýle hem ynsan saglygy üçin ençeme peýdasy bolan käkilik otuny ýerliksiz peýdalanylan halatynda, adam üçin zyýanly hem bolup bilýändigini bellemek gerek.