logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Kaka etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  13.01.2023
1129
Kaka etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Kakasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň binasynda «Ýaşlar — röwşen geljegimiz» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen duşuşyga agzalan kärhanada zähmet çekýän işçi-hünärmenler gatnaşdy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan duşuşykda çykyş edenler gadam basylan ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçmeginiň özlerinde uly ruhubelentlik döredýändigini, şanly ýylyň guwandyryjy üstünliklere beslenmegi ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerini guwanç bilen nygtadylar.

Turuwbaşdan işjeňlige eýe bolan duşuşyga gatnaşyjylar Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ýaşlara bildirilýän beýik ynam we olar hakda edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň adyna çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.