logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Agriculture /Kaka etrabynda kärendeçi daýhanlar höweslendirilýär!
  14.06.2023
737
Kaka etrabynda kärendeçi daýhanlar höweslendirilýär!

Bol hasylly meýdanlarda galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri hem zähmetkeşleriň armasyny ýetirýärler. Olar günortanky arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde, şeýle-de ekin meýdanlarynda bolup, möwsüme gatnaşyjylar bilen duşuşýarlar we olary höweslendirýärler.

Ýakynda Kaka etrabynyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklaryň birnäçesinde bolan duşuşyklar has-da täsirli boldy. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň degişli hünärmenleri däne orujy kombaýnlara erk edýän mehanizatorlara möwsümde tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berk berjaý etmegiň möhümdigi bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlaryny berdiler. Iş üstündäki duşuşyklarda bellenilişi ýaly, daýhan yhlasy netijesinde ýetişdirilen hasyly çalt, ýitgisiz ýygnamakda mehanizatorlaryň hyzmaty uly bolup durýar.

Duşuşyklarda mehanizatorlara häzirki gyzgalaňly möwsümde uly üstünlikler arzuw edilip, tapawutlanýanlara ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu bolsa, olary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.

 

Gülnar JOMMYÝEWA,

Kaka etrabynyň Tehniki hyzmat ediş
kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň
ilkinji guramasynyň başlygy.