logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Agriculture /Kaka etrabynda güýzlük ýeralmanyň ekişi tamamlanyp barýar
  26.08.2023
676
Kaka etrabynda güýzlük ýeralmanyň ekişi tamamlanyp barýar

Kaka etrabynyň “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň ekişini ahyrky gektarlarda alyp barýarlar.

 


Öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda işleriň gidişi has-da guwandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 100 gektarda güýzlük ýeralmany ýetişdirmegi belent maksat tutunan daýhan hojalygynyň zähmetkeşleri ekişde köplere nusga bolmagy başarýarlar. Olar güýzlük ýeralmanyň ekişini ahyrky gektarlarda alyp barýarlar. Bu işde kämil tehnologiýaly kuwwatly ekiji tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar.

 


Kaka etrabynda güýzlük ýeralmanyň ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazky möwsümde 1 müň 700 gektar meýdanda bu ekiniň ýokary hasylyny ýetişdiren etrabyň ekerançylary häzirki möwsümde hem tutanýerli zähmet çekýärler. Olar güýzlük ýeralma ekişi üçin göz öňüne tutulan meýdanlaryň aglabasynda bu işi ýerine ýetirip, häzirki wagtda irki ekilen ekiniň ideg işlerini alyp barýarlar.