logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Kaka etrabynda «Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary» atly dabaraly maslahat geçirildi
  06.02.2023
1255
Kaka etrabynda «Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary» atly dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat «Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary» diýlip atlandyryldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň üstünlikli geçmeginiň şanyna guralan dabaraly maslahata okuwçy ýaşlardyr ýaş mugallymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler ýaşlaryň nobatdaky gurultaýynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini, munuň özi ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen barha öňe gitmeginde ýaşlara uly ynam bildirýändiginiň alamatydygyny bellediler. Bagtyýar ýaşlar özleri hakda bimöçber alada edip, döwrebap bilim almaklary, ýaşlaryň hünär öwrenmekleri, aň-düşünjeli bolup, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn ýetişmekleri baradaky meseleleri aýratyn üns merkezinde saklaýandygy üçin Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.