logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Jennet Zamanowa - ABŞ-nyň Masaçusets Tehnologiýa institutyna kabul edilen ilkinji türkmen gyz talyby
  27.08.2022
1673
Jennet Zamanowa - ABŞ-nyň Masaçusets Tehnologiýa institutyna kabul edilen ilkinji türkmen gyz talyby

Dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdebi bolan MIT (Masaçusets Tehnologiýa institutyna) bu ýyl türkmenistanly ýaş zehin Jennet Zamanowa kabul edildi. Bu institut örän ýokary barlaglaryň netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinden talyplary alýar. Bu institutda öň hem 3 sany türkmen talyby bilim aldy. Jennet Zamanowa bolsa türkmenistanly ilkinji zenan talyby bolmagy başardy.  

Jennet Zamanowa Aşgabat şäheriniň 86-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebini tamamlady. Ol soňky 3 ýylyň dowamynda ýerli we halkara matematika olimpiadalarda birnäçe baýraklara eýe boldy. Ol şeýle-de programmirleme we tehnologiýalar bilen ýakyndan meşgullanýan gurnaklarda we taslamalarda işjeň gatnaşýar.

Jennet Zamanowa geljekde özüni kompýuter inženerligi we informasion tehnologiýalarda bilermen hökmünde görýär.