logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Jana melhem-Üzärlik
  12.01.2022
765
Jana melhem-Üzärlik

Üzärlik-megerem türkmen topragynda bitýän bu melhem oty we onuň şypa beriji häsiýetleri barada bilmeýän adam ýok bolsa gerek. Türkmen aga toý toýlanda, maşgalada täze bäbek dünýä inende, ogul öýerip, gyz çykarylanda, täze jaýa gireninde, täze ulag edinende ilki bilen üzärlik tütedýärler. Pederlerimiz üzärlik dessesini öýleriniň girelgesinde asyp goýýarlar. Bu bolsa döwletliligiň, rysgallylygyň, goraglylygyň alamatydyr. Bu derman ösümliginiň tüssesiniň adam saglygy üçin peýdasy, onuň peýdalanyşy we häsiýeti barada “Türkmenistanyň dermenlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabynyň 1-nji tomunda gymmatly maglumatlar berilýär. Üzärkligiň tüssesinde adam saglygy üçin howply bakteriýalary ýok ediji maddalaryň bardygy hemmämize malimdir. Lukmanlar adamlaryň köp üýşýän ýerlerinde üzärligi tütetmegi maslahat berýär. Onuň esasy maksady döräp biljek ýokanç keselleriň öňüni almakdyr.

Rowaýatlardan  görnüşi ýaly, üzärlik ähli derdiň emi hökmünde has irki döwürlerden mälimdir. Ata-babalarymyz üzärlik tütedip, ak tüsse edip, ýaramaz güýçleri yzyna dep edip bolarmyş diýip yrym edipdirler. Biz hem pederlerimiziň şu däplerini dowam etdirsek, sagdyn we ruhybelent ýaşarys. Halkymyzyň saglygyny goramagy we pugtalandyrmagy, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy özüne baş maksady edip goýýan halkymyzyň  jan saglygyny, ýurt abadançylygyny, tutýan tutumly işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris! Saglyk bilen gözelligiň sazlaşygy her bir adam üçin zerurdyr.