logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Ispaniýada suwa çäklendirme girizildi
  04.10.2022
1622
Ispaniýada suwa çäklendirme girizildi

Gurakçylyk sebäpli Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde suw sarp etmek boýunça çäklendirme girizildi. Şoňa laýyklykda, sebitiň ýaşaýjylary esasy zerurlyklardan başga zatlar üçin suw ulansalar jerime tölemeli bolarlar. Bu barada Sewilýa şäher häkimligine degişli bolan suw dolandyryş kompaniýasy «Emasesa» habar berdi.

«Emasesa» kompaniýasy ýakyn wagtda jemgyýetdäki ähli ýaşaýjylar we edaralar üçin aşa köp suw ulanmak bilen baglanyşykly belli bir möçberdäki jerimeleriň kesgitlenjekdigi aýtdy. Şeýle hem, Sewilýa şäher häkimligi - awtoulag ýuwmak, bagy suwarmak, howuz doldurmak ýaly esasy zerurlyk hasaplanmaýan zatlary gadagan edýär. Gündelik suw sarp etmegiň möçberi bolsa adam başyna 90 litr diýlip kesgitlenildi.

Belläp geçsek, Ispaniýa soňky 30 ýyl bäri gurakçylyk bilen göreşýär. Ýurduň çägindäki derýalarda we köllerde suwuň derejesi 28,5 göterim peseldi. Dowam edýän gurakçylyk oba-hojalygyna hem ýaramaz täsir edýär. Häzirki wagtda hökümet bu ýagdaýdan nädip baş alyp çykmagyň aladasyny edýär.