logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Ispaniýada guraklyk bilen baglanyşykly suw meselesi köpelýär
  27.10.2022
1259
Ispaniýada guraklyk bilen baglanyşykly suw meselesi köpelýär

Ispaniýada gurakçylyk bilen baglanyşykly köpelýän suw meselesi sebäpli, ýurduň Sewilýa şäherinden soň Tarragona şäherinde hem suwdan peýdalanmak çäklendirildi.

Şäherdäki suw gorunyň 10 göterimden hem aşak düşendigini habar beren ýurduň gündogaryndaky Tarragona şäher häkimligi günüň birnäçe sagadyny suwy petiklemek we ýapmak bilen çäklendirmeleriň geçirilýändigini mälim etdi.

Tarragonanyň seýilgählerdäki çüwdürimleriň guraklyk sebäpli düýbünden boşdugy we kranlardan ýekeje damja suw hem akmaýandygy aýdylýar. Ýurt möçberinde suwa düşmek we nahar bişirmek ýaly esasy zerurlyklardan başga zatlar üçin suwa çäklendirme girizildi.

Belläp geçsek, Ispaniýa soňky 30 ýylyň iň gurak möwsümini başdan geçirýär.