logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Interesting /Islendik karary çalt kabul etmegi öwrenmekde psihologdan maslahatlar.
  22.06.2022
1665
Islendik karary çalt kabul etmegi öwrenmekde psihologdan maslahatlar.

Her gün biz bir meseleni çözmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýöne köp ýagdaýlarda näbelilik we şüphe duýulýar. Her bir kabul edilmedik karar psihikada galýar. Şeýle kararlar köp bolanda, psihologiki dartgynlyk ýokarlanýar we biz rahatsyzlygy we gaharjaňlygy başdan geçirýäris. Karalary çalt kabul etmekde psihologlardan birnäçe maslahatlar:

    Tejribe almaga taýýarlykly boluň. Kabul eden kararlaryňyzdan bolup biljek zyýany bahalandyrmaga synanşyň, netijeleri barada pikirleniň. Olary nädip azaldyp bilersiňiz? Şowsuzlykdan nädip yza çekilmelidigini bilýän bolsaňyz, we onuň netijelerini öwrenip bilseňiz, bu saýlawlary aňsatlaşdyrar.

    Gorkularyňyz bilen işläň. Gorkular karar kabul etmäge päsgel berýärler  we  olar köplenç ýalan bolýarlar. Şeýle kynçylyklardan gutulmak üçin strategiýalary düzüň. Beýniňize bu emele gelen ýagdaýdn gutulmak üçin meýilnama möhümdir. Aýdylyşy ýaly, bir ýere girmezden ozal, nädip çykyp boljagyny düşünmeli.

     Maýa goýumlaryna, peýdalaryna we bolup biljek ýitgilere baha beriň. Saýlamak üçin çykdaýjylaryň, mümkin bolan  peýdalaryň we ýitgileriň sanyny deňeşdirmeli. Ýöne girdeji mümkin ýitgilerden ýokary bolsa, bu ýagdaý has-da gyzykly bolýar. Üstünligiň we şowsuzlygyň ähtimallygyna baha bermegi ýatdan çykarmaň.

    Saýlamaga bolan wagtyňyzy çäklendiriň. Karar bermek üçin möhletiňiz bar bolsa, saýlamak has aňsat. Oýlanmak üçin wagtyňyzy çäklendirmäge synanyşyň. Näçe köp pikirlenseňiz şonça-da şüphe döräp biler. Emma olaryň köpsi hyýal.

Näzikjemal  Hojaýewa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby