Iri taslamalar dürli şäherlerde we welaýatlarda amala aşyryldy. Olar esasan hem täjirçilik, işewürlik häsiýetine eýe boldy. Häzirki wagtda şeýle taslamalaryň biri hem “Aşgabat siti” bu taslamanyň üstünde ony işläp taýýarlaýjylaryň, arhitektorlaryň, dizaýnerleriň, inžener-konstruktorlaryň we beýleki köp sanly hünärmenleriň ägirt uly işleri bar muňa mysal edip: 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si; 88 öýli 21-23 gatly jaýlaryň 56-sy; her birinde 88 öý boljak şeýle binalaryň 36-sy; daşky keşbi bilen tapawutlanýan her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy; 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si; her birinde 136 öý ýerleşjek 33-35 gatly binalaryň 12-si. Dükanlar we garbanyşhanalar, stadion hem-de sport toplumy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, köpgatly awtoduralgalaryň dördüsi, ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýan jaýlaryň taslamasynda başga göz öňünde tutulýan 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-si, körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň 4-si, köpugurly hassahana, saglyk öýleriniň ikisi, söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisini şular ýaly uly taslamalar şäher häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.
Täze ägirt uly toplum 200-den gowrak binany öz içine alar, bu toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr, bu ýerde 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär. Toplumdaky öýleriň umumy 17 müň 836 bolar. Bu etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir.
Hakykatdan-da, Aşgabadyň demirgazygynda - Çoganly ýa-da birmahallar ilatyň arasynda "Daça" diýlip atlandyrylýan ýerde guruljak Aşgabat siti öz içine nähili desgalary alar. Munuň üçin biz TDH-nyň ýaşaýyş toplumynyň nähili keşpde boljakdygy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Bu ýerde amala aşyryljak geljekki gurluşyklaryň çyzgylary, binagärlik toplumlarynyň bölekleýin görnüşleri hem-de ýol-ulag düzümleriniň desgalary, hakykatdan-da, aklyňy haýran galdyrýar. Olar «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylan täze taslamanyň üstünde ony işläp taýýarlaýjylaryň, arhitektorlaryň, dizaýnerleriň, inžener-konstruktorlaryň we beýleki köp sanly hünärmenleriň bir uly topary işledi. Munuň özi her bir desganyň döredijilik özboluşlylygynda desgalaryň ählisiniň çeperçilik bitewüligini üpjün etdi.