logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /«Internet Explorer» geljek ýyl işini bes eder!
  19.12.2022
1130
«Internet Explorer» geljek ýyl işini bes eder!

ABŞ-da ýerleşýän «Microsoft» - şereketi golaýda «Internet Explorer» programmasyny geljek ýyl ulanyşdan aýyrjakdygyny mälim etdi. Häzirki wagtda «Internet Explorer» programmasyna ençeme wagtdan bäri täzelenme gelmeýär. Gözleg programmasynyň iň soňky ulanyljak senesiniň 2023-nji ýylyň 14-nji fewraly boljakdygy mälim edildi.

Mundan birnäçe wagt öň «Microsoft» şereketi ähli «Windows 10» platformalaryndan «Internet Explorer» programmasynyň aýryljakdygyny mälim edipdi. Şeýle habary eşidip eýýäm dünýäniň müňlerçe «Internet Explorer» ulanyjylary programmadan ýüz öwürdiler.

Şeýle-de bolsa, käbir edaralaryň we guramalaryň infrastruktura sebäpli «Internet Explorer»-den peýdalanýandygy mälimdir. «Microsoft» bu edaralara we guramalara iş prosesinde hiç hili päsgelçilik döretmezden, infrastrukturany täzelemekligi duýduryş berdi. Sebäbi 2023-nji ýylyň fewral aýynyň ahyryndan eýýäm «Internet Explorer» gurnalan kompýuterlerdäki gözleýji ýok ediler.

Ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 16-njy awgustynda «Windows 95» üçin çykan «Internet Explorer» şol döwürde gaty meşhurdy. Şeýle-de bolsa, köp ýyllaryň dowamynda has köp aýratynlyk hödürlän «Google Chrome», «Mozilla Firefox» we «Brave» ýaly programma üpjünçilikleri öňe çykdy. 

 

Batyr MÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.