logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Technology /Iň meşhur programmirleme dilleri mälim edildi
  12.12.2022
1509
Iň meşhur programmirleme dilleri mälim edildi

Tehnologiýa günsaýyn ösýär. Bu ösüşiň aňyrsynda programmalar bar. Her gün durmuşymyza girýän dürli programma üpjünçiliginiň kömegi bilen edýän işimiziň dowamlylygy gysgalýar we durmuşymyz aňsatlaşýar. Durmuşymyzy aňsatlaşdyrýan programma üpjünçiliginiň aňyrsynda bolsa dürli programmirleme dilleri bar.

«TIOBE Index» şereketi dünýäde iň meşhur programmirleme dillerini mälim etdi. Sanawa görä, «Java» indi iň meşhur üç programmirleme dilleriniň arasyndan öz ornuny ýitirdi. «Java» öz ornuny meşhurlygy günsaýyn artýan C ++ bilen çalyşdy.

Reýtinge görä, «Python» birinji, «C» ikinji, «C ++» üçünji we «Java» dördünji orunda durýar. «TIOBE Index» maglumatlaryna görä «C ++» ilkinji gezek «Java»-dan öňe geçmegi başardy. Mundan ozal «Java» 2001-nji ýyldan bäri ilkinji üçlügiň içinde ýer alýardy.

Sanawyň soňunda «C#», «Visual Basic», «Java Script», «SQL», «Assembly Language», «PHP», «R», «Go», «Classic Visual Basic», «MATLAB», «Swift», «Delphi», «Ruby», «Perl», «Objective-C», «Rust» ýaly programmirleme dilleri bar.

Belläp geçsek, iň meşhur programmirleme dilleriniň reýtingi başgaça aýdylanda, «Google», «Bing», «Yahoo!», «Wikipediýa», «Amazon», «YouTube» we «Baidu» ýaly meşhur platformalarda geçirilen gözleglere esaslanýar. 

 

Muhammedali KERIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.