Dünýäde ilkinji agaçdan ýasalan hemra “SpaceX” kompaniýasynyň uçuşy bilen kosmosa çykaryldy. “LignoSat” atly bu hemra, Kioto uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň “Sumitomo Forestry” gurluşyk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamasy bolup, Halkara kosmos stansiýasyna eltiler we şol ýerden 400 km belentlikdäki orbita ýerleşdiriler.
Hemra Ýaponiýada ösýän we esasan gylyjyň gynlaryny ýasamakda ulanylýan magnoliýa agajyndan ýasaldy. Onuň diwarynyň ölçegi 10 santimetr, galyňlygy 4-5,5 millimetr we agramy bir kilogramdyr.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, bu palma ululygyndaky hemra Aý we Mars gözleglerinde agaç materiallarynyň ulanylyş mümkinçiliklerini barlamakda möhüm rol oýnar. Kosmonawt we Kioto uniwersitetiniň gözlegçisi Takao Doi: “Agaç materialyndan kosmosda jaý gurup, hemişelik ýaşap we işläp bileris” diýip belledi. Onuň topary ýakyn 50 ýylda Aý we Marsda agaç nahallaryny oturtmak we agaç jaýlary gurmak meýilnamasyny göz öňünde tutýar.
“LignoSat” orbita ýerleşdirilenden soň alty aýlap kosmos şertlerinde agaç materialynyň çydamlylygyny barlamak üçin synaglardan geçiriler.
Gülsewar Kudratowa
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 2-nji ýyl talyby.