logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ilat ýazuwy üçin zerur bolan enjamlar satyn alyndy
  21.07.2022
1001
Ilat ýazuwy üçin zerur bolan enjamlar satyn alyndy

Şu ýylyň dekabrynda geçiriljek ilat ýazuwynda ulanmak üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň  Ilat gaznasyndan 180 kompýuter, güýçli serwer we ýatda saklaýjy enjam satyn aldy.

Gelip gowşan kompýuterler we serwerler maglumatlary merkezi maglumatlar bazasyna geçirmekde ulanylar. Belläp geçsek, bu enjamlaryň ilkinji tapgyry bolup durýar. Geljekde ýurdumyz, raýatlaryň arasynda geçiriljek soragnamanyň çäginde ilat ýazuwynyň elektron görnüşlerini doldurmakda ulanyljak planşetleri alar.

Ilat ýazuwy 17- 27-nji dekabr aralygynda geçiriler.