logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Hoş geldiň Täze ýyl, Berkarar watana
  29.12.2021
793
Hoş geldiň Täze ýyl, Berkarar watana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her bir gelýän täze ýyla ýagşy arzuw niýetler bilen gadam basylýar. Ýetip gelýän täze 2022-nji ýyly hem mynasyp garşylamak maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şol sanda Babadaýhan etrabynyň çäginde hem Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk işleri görülýär.

         Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde baýramçylyk bezegleri bilen bezelen Täze ýyl arçalarynyň oturdulmagy ýaşulydyr ýaşkiçileriň baýramçylyk begenjibi has-da artdyrýar.Baýramçylyk keşbine beslenen ýurdumyzyň bazarlarynda hem-de söwda nokatlarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja önümleriniň, miweleriň dürli görnüşleriniň, türkmen telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen halkyň isleg bildirýän ýokary hilli harytlarynyň beýleki görnüşleriniň ählisiniň elýeter bahalardan bolçulygynyň döredilmegi hem aýratyn buýsandyryjydyr.

       Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp Babadaýhan etrabynyň medeniýet öýünde etrabymyzyň dürli edara-karhanalarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda ,,Hoş geldiň Täze ýyl, Berkarar Watana” atly şygar bilen guralan baýramçylyk dabarasy hem dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

        Baýramçylyk dabarasy etrap häkimligi, etrap medeniýet bölümi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilip, dabarada etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdymdyr-sazlary şeýle-de ýerine ýetirilen degişme sahnalar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.  

        Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjak täze 2022-nji ,,Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň ýurdumyza üstünlik getirjek ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdiler.

        Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gülläp ösýan ýurdumyzda  ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylanjak täze 2022-nji ýylymyz Eziz Watanymyza, agzybir türkmen halkymyza rysgal döwlet getirsin.