logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Horeografiýa sungaty boýunça okatmagyň usulyýeti» atly okuw-usuly maslahat geçirildi
  27.12.2022
1087
«Horeografiýa sungaty boýunça okatmagyň usulyýeti» atly okuw-usuly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň guramagynda sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Horeografiýa sungaty boýunça okatmagyň usulyýeti» atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda sazçylyk we sungat mekdepleriniň horeografiýa sungaty boýunça sapak berýän mugallymlary çykyş etdiler.

Medeni çärä gatnaşanlaryň arasynda, hususan-da, Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Sapargül Hallymämmedowanyň «Dost-doganlyk tanslarynyň ähmiýeti», Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň «Halk tansy» bölüminiň mugallymy Gülendam Hapyzowanyň «Milli tans sungatymyzda döwrümiziň ajap waspy», Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň «Halk tansy» bölüminiň mugallymy Merdan Amangeldiýewiň «Jazz tansynyň ösüş taryhy», Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Halk tansy» bölüminiň mugallymy Oguldöndi Altyýewanyň «Taryhy bal tanslarynyň aýratynlyklary», Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň «Halk tansy» bölüminiň mugallymy Gülruh Gurbanowanyň «Hünär boýunça okatmagyň usullary», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Halk tansy» bölüminiň mugallymy Şemşat Tagandurdyýewanyň «Nusgawy tans — tans sungatynyň gözbaşy» atly çykyşlaryny görkezmek bolar.

Okuw-usuly maslahatyň dowamy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň balet zalynda geçirilip, onda halypa mugallym, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Hummaýewa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Horeografiýa sungaty» bölüminiň 3-nji ýyl talyplary bilen görelde sapagyny geçirdi. Halypa mugallym görelde sapagynda okuw-usuly maslahata gatnaşyjylar bilen özüniň baý iş tejribesini paýlaşdy. Soňra mekdebimiziň «Horeografiýa sungaty» bölüminiň mugallymy Oraz Meretgulyýewiň talyplary bilen göreldeli sapagy boldy. Onda halk sahna tansynyň goýluşynyň inçe tärleri görkezildi. Mugallym Myrat Çolukowyň «Häzirki zaman tansy» dersinden görelde sapagynda döwrebap tans sungatynyň aýratynlyklary içgin açylyp görkezildi. Görelde sapaklar okuw-usuly maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu okuw-usuly maslahat tans sungatyny öwredýän mugallymlaryň iş tejribesiniň baýlaşmagyna uly ýardam berdi.