logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Hindistandaky asma köpri heläkçiligi sebäpli şübheli 9 adam tussag edildi
  01.11.2022
987
Hindistandaky asma köpri heläkçiligi sebäpli şübheli 9 adam tussag edildi

Hindistanyň Gujarat welaýatynda bolan asma  köpri betbagtçylygy bilen baglanyşykly derňewde dokuz adam tussag edildi. Gujarat welaýatynyň baş polisiýa işgäri Ashish Bhatia tussag edilenleriň arasynda köprini abatlamak we dolandyrmak üçin jogapkär  «Oreva Group»  şereketiniň ýolbaşçylarynyň şeýle-de birnäçe işgärleriniň bardygyny mälim etdi.

Gujarat welaýatynyň baş polisiýa işgäri betbagtçylyk bilen baglanyşykly ýörite derňew toparyny döredendigini belledi. Betbagtçylykda 141 adam aradan çykdy we 177 adam halas edildi. Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.