logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Hindistanda «Diwali festiwaly» geçirilýär
  25.10.2022
1226
Hindistanda «Diwali festiwaly» geçirilýär

Hindistanda «Yşyk baýramy» diýlip hem atlandyrylýan «Diwali festiwaly» geçirilýär. Bu festiwal Hindistanda iň möhüm festiwallaryň biridir.  Festiwalda köçeler dürli reňkli yşyklar bilen yşyklandyrylýar.

Hindistan soňky iki ýyl bäri bu baýramçylygy epidemiýa sebäpli belläp bilmedi. Bu ýyl bolsa ýurduň millionlarça raýatlary «Diwali festiwaly» üçin öýlerini we iş ýerlerini bezemek üçin bazarlara şeýle-de söwda merkezlerine ýykgyn etdiler.

Adatça, «Diwali festiwaly» ýurtda hasyl möwsüminiň gutarmagyny alamatlandyrýar. Gadymdan gelýän däp-dessura laýyklykda hindiler baýramçylyk günlerinde ýamanlyklardan dynmak niýeti bilen bedenini ajy burç, künji ýa-da kokos ýagy bilen ýuwýarlar. Ýary gije bolsa ýagşylygyň üstün çykmagy üçin asmana dürli reňkli feýerwerkleri we uçgunjyklary atýarlar.

Hindiler bu baýramçylyga birnäçe hepde öňünden taýynlyk görýärler. Baýramçylyk döwründe maşgalalar birek-biregiňkä myhmançylyga barýarlar. «Diwali festiwaly» diňe bir Hindistanda däl eýsem-de Malaýziýa, Nepal, Şri-Lanka, Mýanma, Gaýana, Singapur we Fiji ýaly ýurtlarda hem bellenilýär. 

 

Toýly GYLYÇMERGENOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.