logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri çapdan çykdy
  25.08.2022
808
«Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri çapdan çykdy

«Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri çapdan çykdy. Täze neşir 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda we ýaralanmak zerarly hassahanalarda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Kitap Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşire taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

 

 

«Hatyra» kitabynyň üçünji jildi, Türkmenistanyň hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň harby komissarlyklarynyň, Daşoguz welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň durmuş üpjünçiligi bölümleriniň resminamalaryny, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryny, terjimehal maglumatlaryny, ylmy makalalary, döwürleýin neşirleri, şeýle hem wepat bolan esgerleriň garyndaşlarynyň beren maglumatlaryny öz içine alýar. Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistandan urşa 200 müňden gowrak esger, şol sanda Daşoguz welaýatyndan 30 müňe golaý adam çagyrylypdyr. Olaryň 8 müňden gowragy wepat bolupdyr we söweş meýdanlarynda dereksiz ýitipdir.

 

 

Kitapda esgerlerden gelip gowşan üçburç hatlar ýerleşdirilýär, uruş ýyllarynda hem-de häzirki günlerde döredilen, aýratyn ruhy joşgun bilen tapawutlanýan goşgular getirilýär. Täze neşirde esgerleriň doglan güni we ýeri, harby derejeleri, aradan çykan, jaýlanan wagty baradaky maglumatlardan başga-da, esgeriň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar görkezilýär.