logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Agriculture /Hasyl toýy mynasybetli sport ýaryşy geçirildi
  12.11.2022
1613
Hasyl toýy mynasybetli sport ýaryşy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary derejede üns-alada bilen gurşalan daýhanlarymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň Hasyl toýuny ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylap, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hem-de halkymyzyň bereketli saçaklarynyň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda uly ruhubelentlik we yhlas bilen zähmet çekýärler.

Türkmen daýhanlarynyň tutanýerli zähmetiniň netijesinde bereketli topragymyzdan oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ýygnalýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň binýadyny berkidip, babadaýhanlarymyz üçin döredýän şertleriniň we mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy has-da pugtalandyrylýar.

Berekediň baýramy bolan hasyl toýy rysgal-bereketliligimiziň, agzybirligimiziň, birek-birege hormat-sylagymyzyň äleme jar bolmasydyr. Bu toý parahat asmanyň astynda boldan öndürilýän naz-nygmatlaryň goňşy-golamy, ýakynu-daşy, dosty-ýary bir supranyň başyna jem edýändiginiň buşlukçysydyr.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän hasyl toýy mynasybetli sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek maksady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň şeýle-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda dürli sport ýaryşlary geçirildi. Olarda ýaşlar öz erjelligini görkezdiler.

Goý, bizi täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan, egsilmez eşretleri peşgeş berýän Arkadagly Serdarymyz jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Hasyl toýy gutly-mübärek bolsun! 

 

Enegül TAŇYRBERDIÝEWA,

Aşgabat şäher agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.