logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Hasyl toýy – bagtyýarlygyň toýy!
  04.11.2022
2436
Hasyl toýy – bagtyýarlygyň toýy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn özgertmeler döwrüň ruhy bilen kemal tapýar. Şeýle giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň netijesinde bu iri pudakda belent sepgitler gazanylyp, toprakdan bol hasyl alynýar. Sahawatly türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem egsilmez rysgalyny alamatlandyrýan Hasyl toýy beýik maksatlara ruhlandyrýan milli baýram hökmünde her ýyl uly joşguna beslenip, dabaralanýar. Oba zähmetkeşleriniň gazanan üstünlikleriniň şanyna toýlanylýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň miwesi özboluşly beýan tapýar. Üstümizdäki ýylda azyk­lyk dä­ne ýyg­na­mak bo­ýun­ça döw­let borç­na­ma­la­ry­ny artygy bilen ýe­ri­ne ýe­ti­ren türk­men edermen gal­la­çy­la­ry aja­ýyp zäh­met üs­tün­li­gi­ni ga­zan­dy­lar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň eder­men oba zäh­met­keş­le­ri «ak al­ty­nyň» hem bol ha­sy­ly­ny al­dy­lar. Mi­wedir, gök-bak­ja önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler hem bol ha­syl öndürip, ýurdumyzyň kuwwatyna goşant goşdular. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça mil­li mak­sat­na­ma­da göz öňün­de tu­tu­ly­şy ýa­ly, oba ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak üçin ägirt uly ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär. Oba ho­ja­lyk ýer­le­ri­niň suw üp­jün­çi­li­gi­ni we me­lio­ra­si­ýa­sy­ny go­wu­lan­dyr­mak, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň teh­ni­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­mek üçin uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry bö­lü­nip be­ril­ýär. Şu mak­sat­lar bi­len dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­le­ri­niň oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, yl­my seç­gi­çi­li­ge, go­wa­ça­nyň çalt ýe­tiş­ýän we ýo­ka­ry ha­syl ber­ýän tä­ze sort­la­ry­ny dö­ret­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Oba ho­ja­ly­gy­ny san­ly­laş­dyr­mak, ta­kyk eke­ran­çy­lyk ul­ga­my­ny, öň­de­ba­ry­jy oba ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny gi­riz­mek, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, kä­ren­de­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Arkadagly Serdarymyzyň hususy te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak ba­bat­da alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de oba ho­ja­lyk ekin­le­rinden bol ha­syl al­mak ug­run­da uly  ta­gal­lalar edil­ýär. Netijede ýurdumyzyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy ýo­ka­ry de­re­je­li ösüş­le­re eýe bol­ýar. Eziz Diýarymyzda Ha­syl to­ýu­nyň uludan toýlanylmagy bolsa, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň çe­ken zäh­me­ti­ne döwlet derejesinde ýo­ka­ry ba­ha be­rilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeý­le belent başlangyçlaryň we ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da du­ran Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, alyp barýan beýik iş­le­ri  ro­waçlyklara beslensin! 

 

Babyş ATJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.