Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Sport /Harby okuw türgenleşigi geçirildi
  18.10.2019
839
Harby okuw türgenleşigi geçirildi

    Ýakynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki harby türgenleşigi geçirildi. Bilelikdäki harby türgenleşigi häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi. Edermen Watan goragçylary ýaraglaryň iň täze görnüşlerine we ýöriteleşdirilen harby tehnikalara ussatlarça erk etmegi başardylar.Tälime Harby-howa Güýçleriniň dürli kysymly dikuçarlary hem gatnaşdy. Uçurmanlar şertli nyşanalary pulýemýotlaryň we raketalaryň kömegi bilen urup, öz işiniň ussatlarydygyny ýene bir gezek subut etdiler.

          Dikuçarlarda başarjaňlyk esasy zat

  Harby okuw türgenleşigine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň binýadyndaky dikuçarlar hem gatnaşdyryldy we türgenleşigiň barşynda dikuçarlaryň häsiýetli aýratynlyklary görkezildi.

  Harby okuw türgenleşiginiň dowamynda garşydaşy ýok etmek boýunça alnyp barlan söweş hereketlerinde  howa giňişliginde peýda bolan söweş dikuçarlary bellenilen nyşana boýunça ot açdylar.

   «Türkmen edermen» toparynyň bukudan çykan ýokary tizlikli ulag serişdeleri garşydaşyň ýaragly toparynyň daşyny gabady hem-de ony doly ýaragsyzlandyrdy. Şol bir wagtda zabt ediji topary howadan goldaýan dikuçarlar ýaragly toparlanyşygyň hereketini bökdemek bilen, garşydaş boýunça pulemýotdan ot açdy.

   Söweş wezipesi ýerine ýetirilenden soňra, aýratyn ugurdaky «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň esgerleri ýörite ýüpüň kömegi bilen dikuçara mündiler.

  Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleriniň çäklerinde Milli Goşunymyzyň binýadyna alnan bu döwrebap dikuçarlar harby okuw türgenleşiginde sözüň doly manysynda ýurdumyzyň asman giňişliginiň berk goraglylygynyň kepiline öwrüldi.

   «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň sazlaşykly hereketleri

   Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary şu günki geçirilen tälimde bilelikdäki harby hereketleriniň ýokary sazlaşygyny görkezdiler.

   Gerçek ýigitleriň taktikasy esasynda «garşydaşyň» şertli önümçilik desgasyna çozuşyny serpikdirmek üçin güýçleriniň birikdirilip hereket etmekleri göz öňünde tutuldy. Mert Watan goragçylary hereketleriň alnyp barylýan ýerine ýyldyrym çaltlygynda gelip, öz aralarynda wezipeleri paýlaşdylar. Her gullugyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň harby gullukçylary bir-biriniň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirip, öz ýaraglarynyň we tejribeleriniň aýratynlyklaryna eýerip hereket etdiler.

   Bilelikdäki harby türgenleşik «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň ýokary kuwwatyny görnetin ýüze çykardy. Olaryň sazlaşykly hereketleri Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikde nähili kyn derejeli söweşjeň operasiýalary geçirip bilýändigini ýene bir gezek subut etdi.

    Söweşjeň wezipe — döwrebap harby tehnikalarda

    Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäk goranyş goşunlary hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary bilelikde aýratyn goralýan desga söweşjeň toparyň hüjümini yzyna gaýtarmak boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýaýbaňlandyrdylar.

   Harby okuw türgenleşiginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümindäki kämil tehnikalaryň kömeginden hem peýdalanyldy.

     Häzirki wagtda iň täze tehnikalar harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işinde netijeli ulanylýar. Şunda serkerdeler we esgerler öňdebaryjy tehniki serişdeleri ussatlyk bilen dolandyryp, öz öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler. Milli goşunymyzyň häzirki zaman ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 

   Aýratyn goralýan desga hüjüm eden söweşjeň topary yzyna gaýtarmak, olary gabaw astyna alyp, ele salmak boýunça geçirilen taktiki-ýörite hereketlerde ählitaraplaýyn oňaýlylygy bolan, dünýäniň iň kämil harby tehnikalarynyň hatarynda görülýän bu döwrebap tehnikalaryň häsiýetli aýratynlyklary görkezildi.

           Mertligiň nusgasy

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek, Milli Ýaragly Güýçlerimiziň goşun görnüşleriniň söweşjeň taýýarlygyny hemişe ýokary derejede saklamak babatynda döwletimizde giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Düýn ýurdumyzda geçirilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby okuw türgenleşigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

    Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäk goranyş goşunlary hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary bilelikde aýratyn goralýan desga söweşjeň toparyň hüjümini yzyna gaýtarmak boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýaýbaňlandyrdylar.

    Harby okuw türgenleşigiň barşynda ýaragly topary doly ýok etmek maksady bilen, «Türkmen edermen» bilelikdäki hüjüm topary nyzama düzülip, hüjüme geçýär. Garşydaşlaryň topary goýlan wezipä ýetmegi başarman, yza çekilip başlaýar. Garşydaşlaryň toparynyň galan bölegi hem-de olaryň awtoulag serişdeleri «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň esgerleri tarapyndan ýok edildi.

    Şeýle-de harby okuw türgenleşiginiň dowamynda «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň okuw söweşjeň hereketleriniň görkezme çykyşlary ýerine ýetirildi, şonuň barşynda bu toparlaryň harby gullukçylary özleriniň başarnyklaryny görkezmek üçin çylşyrymly hereketler bilen golaý aralykdan dürli ýagdaýda durup ot açdylar. Şunda, harby gullukçylar ýarag ulanmagyň inçe tilsimlerini ussatlarça ýerine ýetirip, şöhratly pederlerimize mahsus edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler.

        Ebedi hemra

  «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň harby türgenleşiginiň esasy bölegi geçirileninden soň tälimhana meýdan lybasly Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary çykdy. Olaryň ýany bilen adamzadyň wepaly dosty – türkmen alabaýlary ýöredi.

  Taryhy maglumatlarda, halk rowaýatlarynda alabaýlaryň merdanalygy, olaryň wepalylygy we islendik çylşyrymly pursatlarynda öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyby barada aýdylýar. Biziň häzirki günlerimizde hem ol adat dowam edip gelýär. Ýagny, Watan goramakda türkmeniň alabaý itleri hem özleriniň abyrsyz goşandyny goşýar.

    Edermenligiň we batyrlygyň nyşany bolan alabaýlar bu günki harby türgenleşikde hem Watan goragçylarynyň taýsyz kömekçileri we hemrasy bolup hyzmat etdi. Häzirki wagtda türkmen alabaýy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň nyşany bolup durýar. Şeýlelik bilen, bu tohum ite uly hormat goýan ata-babalarymyzyň mirasynyň abraýy ýene bir gez beýgeldi.

  Harby türgenleşigiň soňunda gaýduwsyz harby gullukçylar Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdikleri barada kasam etdiler. Olaryň görkezen başarnyklary «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň harby gullukçylarynyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarydygyny kepillendirdi.

    Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Döwlet adam üçindir!» diýen kalbyňy joşuryjy, köňlüňi buýsandyryjy jümleleri külli türkmenistanlylaryň ýürek törüne ganatly aýdym bolup ýazyldy, ykbal ýolunyň şamçyragyna, ýol görkezijisine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesi watansöýüjiligiň, merdi-merdanalygyň, ynsanperwerligiň, Ýer ýüzünde dostana hyzmatdaşlygy we parahatlyksöýüjiligi berkitmegiň milli nusgawy ýoluny emele getirdi.

   Gysga wagtyň içinde durmuşa geçirlen bimöçber işleri, beýik maksatnamalary we taýsyz tagallalary bilen dünýäde ykrar edilen milli Liderimiz ýurdumyzyň her bir döwürde gazanan sepgitlerini döredijilikli, beýik özgerişler esasynda ösdürip, gadymy türkmen şöhratyny dünýä ýaýdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan mukaddesligini, oňa bolan söýginiň nusgalyk mekdebini görkezdi. Bu binýatly ýoluň ýalkymy ýurduň çar künjegini gurşap alýar we köňüllere ganat, goşarlara gaýrat, ýüreklere ynam – ylham nuruny çaýýar. Bu gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň il-ýurduň abadançylygyny berkidýän, hemmetaraplaýyn ösüşlerini üpjün edýän, abraý-mertebesini belende göterýän beýik işleri dünýä nusgalyk. Biz indi, agzybir, adalatly, bagtyýar türkmen halky bilen dostlaşanlara we myhmançylyga gelmek isleýänlere: «Türkmenistan – arzuwlaryň hasyl bolýan mekany!» diýip, buýsanç bilen aýdýarys.

     Bu gün Watana bolan çäksiz söýgi, hyjuw ýüreginde gaýnap joşýan ruhubelent türkmen halkymyz jöwher paýhasly hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda bagtyýarlygyň eşretli gujagyna doldy. Bu bagtyýarlyga diňe ýyllar däl, eýsem, her aý-günümiz şaýat. Şu günümiz düýnükiden parhly, her täze sepgit öňküden belent. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz turuwbaşdan: «Meniň ilkinji nobatda ähli aladam halkym bolar» diýen sözüni durmuşa geçirip, mukaddes türkmen topragyna gül bitirdi, hasyla çümdürdi, ýurdy bagy-bossanlyga öwürdi, täze şäherleri, şäherçeleri, tutuş etraplary döretdi, şäher görnüşli obalaryň döredilmegine badalga berdi.

   Döwlet işleriniň köplügine garamazda, hormatly Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «türkmen edermen»  ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme-okuw türgenleşigine gelip, harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhuny belende göterdi.

     Şeýle ajaýyplyklary döredip ýurdumyzyň asudalygy ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, ata Watanymyzyň asudalygy ugrundaky beýik işleri rowaç alsyn!