Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Halkyň Arkadagly zamanasynda türkmen bedewiniň waspy” atly çäre gecirildi
  21.04.2022
680
“Halkyň Arkadagly zamanasynda türkmen bedewiniň waspy” atly çäre gecirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ady äleme dolan behişdi bedewlerimiz türkmeniň milli gymmatlygy hasaplanýar. Türkmen halky atyny maşgala agzalarynyň biri hasaplapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Paýhas çeşmesi” kitabynda jemlenen bedew atlarymyz bilen bagly nakyllar, atalar sözleri asyrlar boýy halkyň kalbyndan syzylyp çykan jümlelerdir. “Irden turda ataňy gör ataňdan soň atyňy”, “atdyr ýigidiň ýoldaşy” ýaly nakyllar türkmen halkynyň kalbynda ebedi ýer alan dürdäne sözlerdir. Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde berkarar Watanymyzda türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly dabara bilen bellenip geçilmegi, behişdi bedewlerimize bolan söýgüden nyşandyr. 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň aprel aýynyň 19-na hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli atly marafon ýaryşy ýokary derejede geçirildi. Marafon ýaryşy 6 nokatdan ybarat bolup, her nokat aýdym-sazly dabara beslendi. Badalgada, (pellehanada) we bellenen nokatlarda dikilen ak öýler, welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren folklor çykyşlary, milli tanslar, joşgunly aýdym-sazlar marafona gatnaşýanlary has-da ruhlandyrdy. Belentde parlan ýaşyl tugumyz bolsa ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şeýle çäre welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde hem “Halkyň Arkadagly zamanasynda türkmen bedewiniň waspy” diýen at bilen dabaralandy. Aprel aýynyň 20-ne bellenen aýdym-sazly dabara Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlandy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň, behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän aýdym-sazlar ýaňlandy. “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada welaýatymyzyň dutarçy bagşy-sazandalaryndan düzülen “Arkadagly Serdara şöhrat” jümle çäräniň özenini düzdi. Şeýle hem ýazgynyň iki gapdalynda hatara dikilen ak öýlerde, tapçanlarda medeniýet işgärleri halk döredijiligimizden pursatlary janlandyrdylar. At esbaplaryndan düzülen sergi hem aýratyn bellärliklidir.