logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Halkymyza ajaýyp toý sowgady
  26.03.2024
969
Halkymyza ajaýyp toý sowgady

23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr.

 

Galkynyşyň we täzelenişiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramy bolan Nowruzyň yzysüre Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere dabaraly ýagdaýda badalga berilmeginde özboluşly many bar. Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde dünýäniň çar ýanyndan köp sanly myhmanlar — alymlar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, nakgaşlar, bagşy-sazandalar gadymy mekana jemlenip, halkymyzyň şöhratly taryhy we baý medeni mirasy, Diýarymyzyň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşýarlar. Gadymy Änew galasyna, Seýit Jemaleddin ýadygärligine, Milli «Ak bugdaý» muzeýine, Arkadag şäherine guralýan gezelençler wekiliýetleriň agzalarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

 

Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Gorgan-gorgan depeleriň, belentli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllary henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar.

 

Medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli türki älem üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

 

Ýazberdi AKYMMAÝEW,

 

Türkmenistanyň Döwlet energetika 

institutynyň mugallymy.