Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işleri barha giň gerime eýe bolýar. Şunda telekeçilik işiniň, halkara işewürligiň, bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna aýratyn üns berilýär. Döwletimiz deňhukukly we özara bähbitli halkara ykdysady hyzmatdaşlyk syýasatynda özi üçin täze, uly mümkinçilikleri açýar. Durmuşa geçirilýän söwda-ykdysady taslamalar milli ykdysadyýeti hem-de sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.
Türkmenistanda daşary ykdysady işiň kämilleşdirilmegine, täze bazarlaryň özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen wezipeler ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bu daşary ykdysady ýörelgeler dünýä ösüşiniň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar halklaryň ösüşe ymtylmak isleginden gelip çykýar.
Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ýewropa hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýalary, Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), dünýäniň beýleki abraýly söwda, maliýe-ykdysady guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlendi. Häzirki wagtda bu ugurda gymmatly tejribe toplanyp, halkara hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär.
Türkmenistan Ýewropanyň maýa goýumlaryny möhüm ykdysady taslamalara çekmäge, onuň bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär. Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýar. Ulag-logistika, dokma senagatyna, oba hojalygyna hem-de hususy ulgama maýa goýumlary we karz serişdeleri gönükdirmek boýunça bu bank bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bankyň maliýe serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda 80-den gowrak taslama amala aşyryldy.
Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän bilelikdäki işewürlik forumlarynyň, Hökümetara toparlaryň mejlisleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris. Olaryň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary — energetika, oba hojalygy, syýahatçylyk, söwda, sanly tehnologiýalar, azyk senagaty, gurluşyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, tejribe alşylýar, sergiler we telekeçileriň ikitaraplaýyn duşuşyklary guralýar.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Agaberdi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.