Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ CIET 2025 iri kompaniýalary bir ýere jemlär ✦ ✦ Aktauda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Seulda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Milli manat — ykdysadyýetiň nyşany ✦ ✦ Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Bitaraplyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr ✦ ✦ Rimde türkmen önümleriniň sergisi geçirildi ✦ ✦ “Durnukly ýaşaýyşy ösdürmek – Türkmenistanyň baş konsepsiýasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Brýusselde geçirilen “Dünýä syýahatçylyk forumy – 2025”e gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk Maslahaty — halkyň jebisligi
  19.09.2025
2924
Halk Maslahaty — halkyň jebisligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlap guran giň gerimli özgertmeleriniň üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda täze ösüş basgançaklaryna ynamly gadam basýar. Watan üçin, halkyň bagtyýar durmuşy üçin durmuşa geçirilýän giň möçberli we köpugurly işleriň miwesi hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş hem-de özgeriş ýolunda rowaçlyga ýetýändigine ýurdumyzda amala aşyrylýan işler aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlan täze desgalary synlasaň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanýandygyny, giň mümkinçilikleriň döredilýändigini gözüň bilen görmek bolýar. Muny diňe bir raýatlarymyz däl, daşary ýurtlardan gelen myhmanlar hem aýratyn nygtaýarlar.

 

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen şygaryndan gözbaş alýar we häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet diňe halky bilen döwletdir! Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen baş ýörelgesi bilen utgaşýar. Bu ýörelgä laýyklykda durmuşa geçirilýän her bir çäre, her bir çözgüt halkymyza ruhybelentlik berýär.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy maksady Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, hukuk we medeni binýadyny berkitmek, halkymyza parahat, eşretli durmuş şertlerini döretmekden ybaratdyr.

 

Bu beýik maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň tutýan orny aýratyn uludyr. Gadym döwürlerden bäri türkmen halky möhüm döwletli meseleleri çözmek üçin maslahat gurnap, il içinde sylagly, akyldar adamlary ýygnap, umumy bähbitli çözgütler tapypdyr. Maslahat arkaly kabul edilen netijeler suw, ýer, mal ýa-da şahsy durmuş bilen bagly ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly çözmäge ýardam beripdir. “Ýedi ölçäp, bir kes” ýa-da “Maslahatly biçilen don, gysga bolmaz” ýaly nakyllaryň döremegi hem şoňa şaýatlyk edýär.

 

Şu günki gün hem bu ýörelgeler öz ähmiýetini ýitirmän dowam edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütler ýurduň ähli künjeginde ýerine ýetirilýär we diňe Halk Maslahatynyň özi tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlarynda il-ýurt bähbitli meseleleriň çözgüdi, milli ösüşiň ýol kartasy aýdyň görkezilýär.

 

Gülşirin GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.