logo

Latest news:
✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦
Home / Society /Halk bilen döwletiň jebisliginiň nyşany
  11.09.2025
2681
Halk bilen döwletiň jebisliginiň nyşany

Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk diňe bir döwletliligiň nyşany däl, eýsem, erkinligimiziň, geljegimiziň we bagtyýar durmuşymyzyň kepilidir. Şu mukaddes baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ilaty aýratyn bir ruhubelentlik bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär. Bu forum diňe bir syýasy çäre bolman, halk bilen döwletimiziň arasyndaky jebisligiň, ynamyň we ösüş ýolundaky täze başlangyçlaryň beýanydyr.


19-njy sentýabrda geçiriljek umumymilli maslahat öňünden uly taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän guramaçylyk işleriniň maksady — bu forumy diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, dünýäde abraýly derejede geçirmekdir. Şeýle çärelere gatnaşmak halkymyzyň gadymdan gelýän maslahat gurmak däpleriniň häzirki döwrüň ösüş maksatlary bilen utgaşdyrylýandygyny görkezýär.


Halk Maslahaty jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň sesini birleşdirýän, ýurdumyzyň ösüş ýolunda täze meýilnamalaryň kesgitlenýän beýik mekdebi bolup çykyş edýär. Bu ýerde alnyp barylýan pikir alyşmalar ýurdumyzyň syýasy-ykdysady ösüşinde täze belentlikleriň ýoluny açýar.


Garaşsyzlyk bize öz ykbalymyzy özümiz kesgitlemek hukuklaryny berdi. Şonuň üçin hem her ýyl geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisi Garaşsyzlygyň mizemezliginiň, halkymyzyň jebisliginiň hem-de döwletimiziň parahatçylykly ösüşiniň kepili hökmünde ähmiýetlidir. Bu maslahat türkmen jemgyýetiniň ösüş ýolunda täze sahypa açmaga, halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen maksatlaryň dabaralanmagyna hyzmat eder.

Gülälek MERDANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň II ýyl talyby.