logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Gyz edebi — gyzyl gül” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  21.05.2022
1202
“Gyz edebi — gyzyl gül” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşyldepe geňeşligindäki 14-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda “Gyz edebi — gyzyl gül” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama esasynda guraldy. Duşuşyga ýokary synp okuwçy gyzlaryň gatnaşdy.

Duşuşykda ýurdumyzda döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge döredilen giň şertlerden netijeli peýdalanmak, milli däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza sarpa goýmak dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle duşuşyklar etrapdaky 10-njy, 11-nji çagalar baglarynda zähmet çekýän ýaş gelin-gyzlaryň arasynda hem geçirildi.