Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦ ✦ Sungatda halypa-şägirtlik ýoly ✦ ✦ Türkmenistanda hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we durnuklylygyň binýady ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýalarynyň häzirki döwürde bilim ulgamynda orny we ösüşi ✦ ✦ Tehnologik ösüş — döwrebap jemgyýetiň sütünidir ✦ ✦ Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew ABŞ-a iş saparyny amala aşyrdy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman aýratynlyklary ✦
Baş sahypa / Saglyk /Gyş paslynda lukmanyň iýmek üçin maslahat berýän miweleri!
  13.01.2023
1331
Gyş paslynda lukmanyň iýmek üçin maslahat berýän miweleri!

Sagdyn iýmitlenmegiň iň möhüm şertlerinden biri hem dürli gök we bakja önümlerini şeýle-de miweleri möwsüme görä iýmek bolup durýar. Möwsümleýin önümler witaminleriň ammary bolmak bilen birlikde, bedeniň mikroblara garşylygyny ýokarlandyrýar. Döräp biläýjek käbir keselleriň we hassalyklaryň öňüni almaga ýardam berýär. 

Limon – ylmy lukmançylykda teşneligi gandyryjy, peşew kowujy, öt çykaryjy, antioksidant, agyryny aýryjy, bakteriosid, fungisid, gany togtadyjy serişde hökmünde giňden ulanylýar. 

Greýpfrut –  ýürek-damar ulgamynyň we süňkleriň berkligini goraýar, myşsalaryň işlemeginde we iýmit siňmeginde möhüm rol oýnaýar, ukyny kadalaşdyrýar.  

Alma – gan basyşyny kadalaşdyrýar, holesteriniň derejesini peseldýär we aşgazan-içege ýagdaýyny gowulaşdyrýar, beýni we nerw ulgamynyň käbir näsazlyklaryny aradan aýyrýar, huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni alýar, bedeniň gyzgynlygyny düşürýär.  

Pyrtykal – ýüregi kuwwatlandyrýar, böwrekde daş döremeginiň öňüni alýar, immun ulgamyny güýçlendirýär, derini iýmitlendirýär, ganyň düzümini baýlaşdyrýar, gözüň görüşini gowulaşdyrýar. 

Mandarin – dümewde, sowuklamada, göz saglygyny dikeltmekde, derini iýmitlendirmekde, süňkleri berkitmekde giňden ulanylýar. 

Armyt – adamyň keýpini ýokarlandyrýar, dartgynlylygy aýyrýar, depressiýadan (tukatlykdan) çykarýar, bedene energiýa berýär. 

Nar – içgeçmede we ýaralary bejermekde, dürli ýapgylarda, garramagyň öňüni almakda giňden ulanylýar. 

Beýi – ganazlykda, bagyr we böwrek agyrylarynda giňden ulanylýar. 

Banan – keýpi çaglaýar, ýüzi nurlandyrýar, bedenden artykmaç suwuklyklary bölüp çykarýar, gan basyşy peseldýär, ýürek damarlaryny berkidýär, onuň urşuny kadalaşdyrýar, iýmit siňdirmekde örän peýdaly bolup durýar. 

 

Begenç MÜLKIÝEW,

Aşgabat şäherindäki 
Agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy.