logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /“Guzularyň sesi – ýaýlanyň mukamy”
  22.03.2022
952
“Guzularyň sesi – ýaýlanyň mukamy”

Dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak işi bahar paslynyň häzirki günlerinde maldarlaryň durmuşynda iň jogapkärli döwürleriň biri hasaplanylýar. Tejen etrabynyň maldarlary möwsümi guramaçylykly alyp barmak bilen, sagdyn owlak-guzudyr, köşekleri almak ugrunda ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar.

Daýhan birleşikleriniň çopanlary hem möwsümde 6 müňe golaý ene goýundan guzy alýar. Gyzgalaňly başlanan möwsümiň ilkinji günlerinde eýýän guzularyň sanynyň 5 müňe golaýlady. Bu bolsa mallaryň baş sanyny köpeltmek üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täzeçe usullaryny ornaşdyrmak babatynda birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Tejen etrap häkimligi tarapyndan ýörite meýilnama düzülip, möwsümde geçirilýän öri meýdanlarda çopanlar üçin ähli şertler döredilipdir. Weterinar lukmanlary yzygider çopan toparlaryna aýlanyp, guzulary gözden geçirýärler. Weterinarlar häli-şindi örülerde bolup, möwsümleýin çäreleri öz wagtynda geçirip, mallaryň sagdyn ösmegine we önümçiligiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ugurda etrabyň çopanlary garagumdaky “Gysy”, “Goşaköl”, “Jylaw”, “Haryn” we “Togalak” öri meýdanlaryny rejeli peýdalanylýar. Gyzylgylt öwüsýän bu ýalaňaç ýaly görünse-de, ýaşyl dona bürenýär. Asmandan sähelçe nem damsa, sähranyň oty garyş boýy bolýar. Ine, şeýle ajaýyp görnüşi synlap durşuňa, ata-babalarymyzyň “Hydyr gezen sähra bu” diýip, ýöne buýsanmandyklaryna göz ýetirip bolýar.

Bu ajaýyp sähranyň dumly – duşdan eşidilýän guzularyň sesi has-da özüne çekijili giňişlige öwürýär. Sährada çarwa nowruzy dowam edýär.