logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Güýzlük bugdaý gök öwüsýär
  19.10.2021
765
Güýzlük bugdaý gök öwüsýär

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň “Tejen” daýhan birleşigi tohumçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklaryň biridir. Bu daýhan birleşikde indi köp ýyllardan bäri bugdaýyň gowy hilli sortlaryny taýýarlap bermek bilen, etrabyň çägindäki daýhan birleşikleri iň gowy, arassa we dok tohum bilen üpjün edip gelýär. Ine, şu günlerde hem bu daýhan birleşikde galla ekişi öňünde düzülen meýilnama esasynda guramaçylykly alnyp barylýar. Galla ekişinde ulanylýan ähli tehnikalar toparlara bölünip, olaryň işlerini sazlaşykly alnyp barylýar.

 Sebäbi, Tejenli gallaçy kärendeçilerimiz ata-bablarymyzyň “ekin ekseň bugdaý eken” diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, güýzlik bugdaý ekişini gysga wagtyň dowamynda geçirmeklik ugrynda birleşen tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Bu babat-da, gallaçy kärendeçileriň, halypa daýhanlaryň, şeýle hem bu işe dahylly hünärmenleriň güýzlik bugdaý ekişine gatnaşdyrylmagy gazanyldy.

Irki ekişi geçirilen ýerlerde eýýäm maýsalar öwrülip ekerançylyk meýdanlarynyň owadanlygyny goşalandyrýar. Gallaçy kärendeçiler bu gün topraga eden yhlasynyň ýerine düşendigini gördiler. Tejenli gallaçylaryň täze ýylyň bitginli hasyly üçin ir gözünden ýerine ýetirýän işleri täze ýylyň bitginli hasylynyň güwäçysy bolup durýar.

Tejenli daýhanlar üçin örän köp ýeňillikler döredilýär. Olara oba hojalygynda ulanylýan tehnikalary muzdsuz, mugt bermek, dökün we tehniki hyzmatlarynyň bahasyny ýeňillikli nyrhlar bilen bermek ýaly aladalar özüniň gowy netijesini berýär. Hut şonuň üçin-de, etrabynyň çäginde gök öwüsýän bugdaýlara ideg etmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.