logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine üç ýyl dolýar
  24.03.2024
780
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine üç ýyl dolýar

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. 

 

 

Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylary, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarynda terbiýelenilýän we okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi.

 

 

Geçen döwürde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan çagalaryň birnäçesiniň ýüregini, bogunlaryny we gözüni operasiýa etmek üçin maliýe serişdeleri bölünip berildi. Şeýle hem emeli beden agzalary, eşitdiriş enjamlary, maýyplar üçin ýörite çaga arabalary satyn alyndy. Häzirki wagtda hem bu ynsanperwer ýörelge netijeli dowam etdirilýär.

 

 

23-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Ol 29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli guraljak giň gerimli çärelere görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere bagyşlandy.  

 

 

Gahryman Arkadagymyz türkmenistanlylaryň, aýratyn hem çagalaryň saglygy barada aladanyň döwletiň esasy üns merkezinde durýandygyna üns çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň we berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmelidigi barada belledi.

 

 

Çagalar barada alada hakynda durup geçirip, Gurbanguly Berdimuhamedow bejergi alýan çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmeginiň we olary höweslendirmegiň möhümligini nygtady. Hususan-da, çagalaryň arasynda surat bäsleşigini guramak we çekilen suratlary Gaznanyň muzeýinde ýerleşdirmek maksadalaýyk bolar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

 

Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.