logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gaznanyň döredilmegine 3 ýyl boldy
  29.03.2024
479
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gaznanyň döredilmegine 3 ýyl boldy

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.


 

Ştab-kwartirasy Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dürli sebäplere görä, ene-atadan mahrum bolan çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna, durmuşda öz ornuny tapmagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäç çagalaryň aýaga galmagyna gönükdirilen haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrýar.


 

Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri-de ata-babalarymyzyň hossarlyk goldawyny etmek babatdaky ýörelgelerine esaslanýar. Geňeşiň esasy işi Türkmenistanyň kanunçylygyna we milli däp-dessurlarymyza daýanmak bilen gazna baradaky Düzgünnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmäge, şeýle hem howandarlyga mätäç çagalara kömek bermäge hemmetaraplaýyn ýardam etmekden ybaratdyr.


 

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Palestina we beýleki ýurtlaryň kömege mätäç çagalaryna haýyr-sahawatyny ýetirdi.

 

Paşşa MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.