Gurban baýramy arapçadan terjime edilende, ýakynlaşmagy aňladýan, “k r b” kök işliginden ýasalan bolup, sözlükde “Allatagala ýakynlaşdyrýan zat’’ diýen manyny berýär. Kuranda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Allatagala beren gurbanlaryda bu işlik bilen getirilýär.
Olaryň biriniň mal-garadan, beýlekisiniň bolsa ak ekinden gurban berendigi hakynda aýdylýar. Il içinde aýdylýan “gurbanyň bolaýyn”, “janym gurban bolsun” we “gurbanyň gideýin” ýaly sözlerde “gurban” sözüniň sözlükdäki ulanylyşydyr. Gurhanda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Hudaý ýoluna gurbanlyk berendigi barada agzalyp geçilýär. Bu gurbanlygyň ýer ýüzündäki ilkinji gurbanlyk bolan bolmagy ýa-da olaryň öz kakalaryndan öwrenip, gurbanlygy ýerine ýetiren bolmaklary mümkin. Şeýlelik-de, gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atamyzdan bäri berjaý edilip gelinýänligi aýan bolýar.
Gurban baýramy Yslam äleminiň hijri-kamary ýyl hasabyna görä Zilhijje (Gurban aýy) aýynyň 10-13-nji günlerinde geçirilýän baýramydyr. Kuran-y Kerimde aýdylyşy ýaly, bu baýram hezreti Ybraýymyň sünneti hökmünde bellenilip gelinýär.
Gurbanlyk Resulallah (s.a.w.) tarapyndan ilkinji gezek hijretiň birinji ýylynda Medinede Allahyň emri dogrusynda ähli möminlere baýram hökmünde yglan edilýär we bu günlerde baýram namazyny okamak we gurbanlyk kesmek wajyp kylynýar.
Kuran-y Kerimiň iň köp üstünde durýan we hökümleriň kesgitlän baýramy bolan Gurban baýramy, degişli hadyslaryň habar bermegine görä, ýylyň iň gadyrly günüdir ýa-da haýyr taýdan arefe güni bilen deňdir. Arefe güni we Gurban baýramy günleri esasynda Yslamyň parzlaryndan biri bolan haj ybadatynyň wagytlarydyr.
Gurban baýramy, hezreti Ybraýymyň ogly Ysmaýyly (a.s) gurban etmek islän, Jenab-y Hakyň-da bir uly goç iberip, ony halas eden gününde bellenýär. Bu baýramda Ybraýym pygambere goýlan hormat artyp, Allah ugrunda jany we maly pida etmekde, bu ýolda sabyr we mertlik görkezmekde olaryň nusga almalydygy ýene bir gezek ýatlanýar.
Resulallah (s.a.w.) baýram ýerine gelenleri gutlap, baýram namazyndan soňra sadaka hem sowgatlar berer eken, berilmegini ündär we bu berenleriň günäleriň bagyşlanmagyna sebäp boljakdygyny aýdýar eken.
Gurban kesmek maddy hal-ýagdaýy ýerinde bolanlar üçin wajyp bolan bir dini jogapkärçilikdir.
Gurban kesmegiň hikmetleri:
* Her ybadat Allanyň emri bolandygy üçin berjaý edilýär. Allanyň emridigi üçin amal edilýän her ybadatda bize mälim ýa-da nämalim birnäçe hikmet bardyr. Kuran-y Kerimde gurban ybadatynyň hikmeti şeýle bildirilýär: ”Allanyň özlerine ryzk hökmünde beren haýwanlaryny soýanlarynda, Allanyň adyny ýatlamaklary üçin Biz her ymmata gurban ybadaty-ny berdik”.
* Gurban ybadatyny amal eden ynsanyň özüniň Allanyň emirlerine bolan baglylygyny pugtalandyrar, şükür borjyny berjaý etmäge çalşar.
* Gurbanlyk jemgyýetde doganlyk, arkalaşyk, pidagärlik we ýardamlaşmak duýgularyny kämilleşdirýär.
Gurban kesmegiň sogaby barada soran bir sahaba söýgüli Pygamberimiz: “Gurbanyň her bir gyly üçin bir sogap bardyr” diýip jogap berýär.
* Allanyň razylygy üçin kesilen gurbanlyk ahyretde geçilmesi kyn bolan syrat köprüsinde eýesi üçin münelge boljakdyr.
* Ybadatlar Allanyň emridigi üçin her dürli peýda we hikmetlerinden has möhümi, Allanyň razylygyny gazanmak niýeti bilen amal edilmelidir. Bu nukdaýnazardan, gurban hem dürli şahsy, jemgyýetçilik peýdalary bilen bir hatarda, Allanyň razylygyny gazanmak maksady bilen berjaý edilmeli ybadatdyr.
Gurban ybadatynyň şerti gurban edilmegine rugsat berlen haýwanlardan birini gurbanlyk günlerinde kesmekdir. Bu sebäpden, gurban kesmek ýerine, gurbanlyk maly diriligine ýa-da onuň bahasyny bir garyba ýa-da haýyr-sahawat edarasyna bagyşlamak bilen gurban ybadatynyň berjaý edildigi bolmaz. Emma, gurbanlyk malyň bahasy başga birine berlip, öz adyňa gurban kesdirilip bilner.
Öz adyňdan gurbanlyk kesmegi başga birine hem tabşyrmak mümkin. Ýagny, gurban ybadatyny berjaý etmek isleýän kişi öz adyna gurbanlyk janlyny satyn almak we kesmek üçin ynamdar birine wekillik berip biler.
Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin bolmak dogry hasaplanmaýar. Sygyr ýa-da düýe malyna şärik bolýanlaryň ählisi hem gurbanlyk niýeti bilen şärik bolmaly, aralaryndan bir kişi hem et almak niýeti bilen şäriklige goşulmaly däldir.
Gurbanlyk mal Gurban baýaramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Birinji günde kesilmegi has sogaplydyr. Gurban kesmegiň wagty baýram namazynyň okalmagyn-dan soňradyr.
Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde däp-dessurlarymyz we urp-adatlarymyz has giňden öwrenilýär. Bu Gurban baýramy babatda-da şeýledir. Soňky ýyllarda bu baýrama täze öwüşgin berlip, ol has giňden bellenilýär.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy Gurban baýramy bilen gutlaýarys. Mukaddes Gurban aýynda berlen gurbanlyklar, edilen dilegler kabul bolsun!