logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bäsleşik yglan edýär
  19.09.2022
1396
«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bäsleşik yglan edýär

Mähriban çagalar, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýörite bäsleşik geçirilýändigini habar berýäris. «Ýurt abadan — il bagtyýar» ady bilen geçiriljek ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji bäsleşiginiň düzgünnamasy:


Bäsleşige dürli ýaşdaky mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaga hukugy bardyr. Bäsleşigiň maksady, hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmekden, «Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmekden, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmakdan, emläk eýeçiligine aýawly garap, döredijilik ukyplaryny ösdürmekden hem-de ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanylyş ýagdaýlaryny öwretmekden, ýangyn-tehniki bilimlerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.


Bäsleşigiň maksadyndan ugur alyp, gurnaýjylaryň düzüminden ýörite emin agzalary düzülýär we bäsleşikde öz bilimini, ugurtapyjylygyny görkezip, öňdäki orunlary eýelän Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan 3 (üç) sany mekdep okuwçysyna öz okaýan mekdeplerinde ýa-da ýaşaýan salgylarynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda bäsleşigiň Diplomy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň sowgatlary gowşurylar.


Aşgabat şäherinden we welaýatlardan bäsleşige gatnaşan mekdep okuwçylary bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, düşünjelilik bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji temasyndan düzme, hekaýa, bolup geçen wakalara esaslanýan beýannama ýazyp, hat üsti bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasyna ugradyp bilerler. Redaksiýa ugradyljak eserler — düzmeler, hekaýalar we beýannamalar ýazylanda kompýuterde «Times New Roman» şriftinde 16 ölçegde bolup, ýazylan eserler bir sahypadan az bolmaly däldir. Bäsleşige gatnaşan mekdep okuwçylary hatlary bilen, öz okaýan mekdebini, okaýan synpyny we ýaşaýan salgysyny, öý we ykjam el telefonyny doly we dogry ýazyp görkezmelidir.


Bäsleşige gatnaşdyryljak işler 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ine çenli kabul ediler. Görkezilen möhletden gijä galan işler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar. Sizden geljek hatlara garaşýarys, mähriban jigiler!  



Guramaçylyk topary.