logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gruziýaly žurnalistler Arkadag şäheri bilen tanyşdylar
  24.01.2023
1099
Gruziýaly žurnalistler Arkadag şäheri bilen tanyşdylar

Golaýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrmak üçin brifing geçirdi. Oňa Gruziýanyň Birinji teleýaýlymynyň, «TV-24», «The Georgian Business Week» teleýaýlymlarynyň, «News Day Georgia», «InterPressNews» habarlar agentlikleriniň, «Rezonans», «Mnogonasionalnaýa Gruziýa», «Swobodnaýa Gruziýa», «Komsomolskaýa prawda» gazetleriniň, «Geoecohub» internet neşiriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar barada gürrüň berdi. Şunda Köpetdagyň eteginde kemala gelýän Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň döwletiň ykdysady kuwwatyny, ýeten derejesini hemmetaraplaýyn açyp görkezýändigi bellenildi. Bu döwrebap merkez diňe bir täze şäher medeniýeti nukdaýnazaryndan däl, eýsem, onuň gurluşygynda ekologik talaplara uly üns berilýändigi bilen hem aýratyn tapawutlanýar.

Türkmen diplomaty bu «akylly» şäheriň aýratynlyklary barada aýdyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Arkadag şäherini gurmagyň konsepsiýasy, onuň çäginde gurulýan binalardyr desgalar hakynda giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de žurnalistler Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkeziniň «akylly» tehnologiýalarynyň üznüksiz işledilmegini üpjün etjek kommunikasiýa ulgamlarynyň işi bilen tanyşdylar.