logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Gözelligiň hem wepalylygyň ajaýyp keşbi
  30.03.2024
619
Gözelligiň hem wepalylygyň ajaýyp keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ýeňişleri, halkymyzyň döwletli döwrany Garaşsyz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hasyl bolmak bilen tutuş dünýä ýüzüne çaýylýar, ata ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýär. Häzirki döwürde halkymyzyň abadançylygyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler döwrüň badyna bat goşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy bilen sazlaşýan işlerde mährem zenanlara möhüm orun degişlidir. Täze durmuşyň ýörelgeleri, halkymyzyň ynamyny, umyt-arzuwlaryny berkidýän ajaýyp başlangyçlar şunda öz beýanyny tapýar. Çünki zenanlar tutuş adamzada asylly işleri amala aşyrmaga ylham berýän güýçdür, eziz käbeler özleriniň aladalary, köňül päkligi bilen daşymyzy gurşap alyp, biziň dünýämizi gözelleşdirýärler. 


 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eserinde hem gözellige, hoşniýetli gatnaşyklara, kalbyň arassalygyna, wepalylyga, päk söýgä eýlenen zenanlaryň ajaýyp keşpleri aýdyň açylyp görkezilýär.  


 

Milli gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip gelýän däplerimizi dowam etdirýän zenanlar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrýan özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler. Döwletimiziň özleri baradaky hemişelik aladasyna hemişe buýsanyp ýaşaýan türkmen zenanlary ýurdumyzda maşgalanyň abadançylygy, ýaş nesilleri terbiýelemek üçin döredilýän şertler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary hemişe çäksiz. 


 

Zenanlar barada edilýän asylly tagallalar, giň gerimli işler zenanlaryň, gelin-gyzlaryň çekýän zähmetine, ene mähribanlygyna, aladasyna, ruhy jomartlygyna çuňňur sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýany bolmak bilen, olaryň hormatyny belende göterýän sena bolup köňüllerde ebedi ýaňlanýar. 

 

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.