Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gözel ülkämize Täze ýyl geldi!
  29.12.2022
1139
Gözel ülkämize Täze ýyl geldi!

Täze ýyl baýramçylygy barha şatlyk-şowhuna beslenýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda alnyp barylýan bezeg işleri ildeşlerimiziň ýürek joşgunyny, baýramçylyk höwesini has-da artdyrýar. Şäherimiziň ähli künjekleri bezelip, her bir desganyň öňündäki gözel görkli Täze ýyl arçalary, Aýazbabadyr Garpamygyň şekilindäki bezegler uly-kiçiniň ünsüni has-da özüne çekýär. Gijesi gündiz deýin nurana bezemen paýtagtymyzyň gözel keşbi ertekilerdäki şäherleri ýadyňa salýar. Baýramçylygyň öň ýanynda her bir öýde Täze ýyl arçalaryny dürli oýunjaklardyr çyralar bilen bezemek çagalaryň iň höwes edýän güýmenjesi.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylymyz taryhy wakalara, şanly senelere beslendi. Bu ýylda ýurdumyz ähli ulgamlar babatynda uly ösüşlere eýe boldy. Esasan-da, Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkara gatnaşyklaryny, içeri syýasatyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalar edildi. Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp, halkymyzyň bähbidi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi üçin ençeme işler durmuşa ornaşdyryldy.

Bosagada duran 2023-nji ýyl Gündogar müçenamasy boýunça towşan ýyly hasaplanylýar. Towşan juda akylly jandar hasaplanylýar. Towşan ýyly kitaby köp okaýan, ylma, bilime teşne kişilere üstünlik getirjek ýyl hasaplanylýar. Rahatlyga raýdaş jandaryň adyny göterýän ýylda birek-birekden öýkeli kişilere ýaraşmagy, ýüreklerde bolsa haýyr-sahawatlylygyň, adamkärçiligiň höküm sürmegini arzuw edýäris. Towşan — iň arassa jandarlaryň biri. Şonuň üçinem bu ýylda öýüni we kalbyny tämiz saklaýanlara gowulyklaryň hemra boljakdygyny aýdýarlar. Towşan ýylynda doglanlara päk ýüreklilik, salykatlylyk, alçaklyk we mylakatlylyk mahsus. Siziň hem Täze ýylda başyna baran işleriňiz rowaç bolsun! 

 

Jahansoltan AÝDOGDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.