logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Saglyk /Göze peýdaly iýmitler
  04.11.2022
3926
Göze peýdaly iýmitler

Göze peýdaly iýmitler esasan hem ilkinjileriň hatarynda kädi, erik, gyzyl bolgar burç, kelem, käşir, gawun, pyrtykal, mango, malina, ýertudana, balyk ýagy, ülje, kiwi ýaly miweleri bellemek bolar. Mundan başga-da, günebakar çigidi, bugdaý, badam, şalgam, ýumurtga, dürli gök otlar, ysmanak, mekgejöwen, kädi çigidi, deňiz önümleri, gowrulan nohut göz üçin örän peýdaly önümler hasap edilýär.

Ýumurtganyň sarysynda, süýt we süýt önümleriniň düzüminde göz üçin peýdaly A witamin bardyr.

A, C we E witaminleri hem göz üçin peýdalydyr. Ýagny, A witamin gözüň garaňkyda gowy görmegine ýardam edýär, C witamin bolsa sizi ultramelewşe şöhlelerden goraýar we E witamini antioksidant häsiýeti bilen göze nepi degýär. Şeýle hem balygyň düzüminde köp mukdarda bolýan «Omega 3» hem göz üçin örän peýdaly hasaplanýar.

Gury ir-iýmişleriň düzümindäki B we E witaminleri öýjükleriň täzelenmegini üpjün edýär.

Sitrus miweleri bolan pyrtykal, mandarin we limonda, şeýle hem gök otlaryň düzüminde köp mukdarda C witamini bolýar. Ýagny, bu miweler iýmitiň siňdirilip, beden üçin peýdaly maddalary öndürmegine ýardam edýär. Şeýle hem, sitrus miweleri gözüň töweregindäki gan damarlarynyň sagdynlygyny hem üpjün edýär.

Ýumurtga – bu diňe göz üçin peýdaly bolman eýsem, saçy we dyrnaklary hem iýmitlendirmäge kömek edýär. Ýumurtganyň düzüminde «Omega 3» we sink bolup, onuň sarysynda göz üçin peýdaly A witamin bolýar.

Eger-de, bu iýmitleri halamaýan bolsaňyz olary has tagamly görnüşe hem getirip peýdalanyp bilersiňiz. Mysal üçin, käşiri halamaýan bolsaňyz, ony sykyp, suwuny içip bilersiňiz.

Mundan başga-da, günüň dowamynda suw ýa-da suwuk içimlikleri içmek hem göz üçin peýdaly hasap edilýär. Şeýle hem, kompýuteriň başynda oturan wagtyňyz mahal-mahal arakesme etmelidigini, mümkin bolsa arakesmede hereket etmelidigini unutmaň! Ýagny, bilermenler kompýuterde işlenýän wagtynda her 20 minutdan 20 sekuntlyk arakesme etmegi maslahat berýärler. Şeýle hem, Gün äýneklerini dakynmak yssy günlerde maslahat berilýär.  

 

Alihan ATAMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby