logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Gonkong syýahatçylar üçin uçar peteklerini mugt etdi
  20.10.2022
1261
Gonkong syýahatçylar üçin uçar peteklerini mugt etdi

Gonkong hökümeti takmynan 255 million amerikan dollaryna barabar bolan syýahatçylygy höweslendirmek boýunça taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Şonuň üçin hem Gonkonga gelýän syýahatçylar üçin uçar petekleri mugt bolar.

Pandemiýa, Gonkongyň syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda Gonkongda iň ýokary derejede «Covid-19» çäreleri ýola goýlan. Hökümet pandemiýanyň erbet täsirini ýetiren syýahatçylyk pudagyny täzeden ýokary derejä çykarmak isleýär. Şol sebäpli hem gelýän syýahatçylar üçin uçar peteklerini mugt edýär.

Gonkongyň «Hong Kong Express» we «Hong Kong» Howaýollary ýaly awiakompaniýalary jahankeşdeler üçin 500 müň uçar petegini mugt eder.