logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /Glofiş - şöhlelenýän akwarium balyklary
  09.05.2022
1184
Glofiş - şöhlelenýän akwarium balyklary

Glofiş ýa-da olara başgaça şöhlelenýän, şöhle saçýan balyklar diýilýär.Olar özinde  flýuoresensiýa jogap berýän aýratyn gen saklaýan adaty akwarium balyklary.  Şoňa görä hem garaňkylykda şöhle saçýarlar. ,,Glofiş” iňlis sözi bolup, ,,glow”- nur, ýagty, fiş-balyk  diýmekligi aňladýar. Glofiş- karplar maşgalasyna degişli. Onuň daşynyň reňki gyzyl, ýaşyl we sary reňklere üýtgäp durýar. Ýaşamagy üçin amatly temperatura 28 gradus hasaplanýar.Olaryň ululygy 4-5  santimetr bolan ownujak balykdyr. Ömrüniň dowamlylygy 6-7 ýyla ýetýär. Olar örän ownujak bolanygy sebäpli uly akwarium talap etmeýär. Bu balyklar ýekelikde ýaşap bilmeýärler. Şonuň üçin hem azyndan 6-7 osob talap edýär. Her balyk üçin ortaça 3,5 litr suw zerurdyr. Bu balyklar giň ýerde ýüzmäni halaýarlar. Ilkinji gezek tebigy ýagdaýda Bangladeşiň derýalaryndan tapyldy. Soňra Amerikan inzenerleri bezeg hökmünde köpeltmek üçin satyn aldylar we ilkinji gezek 2003-nji ýylda Amerikanyň Birleşen statlarynda öý şertlerinde  saklanýan akwariumda şöhlelenýän balyklar ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda akwarium üçin satyn alynýan balyklaryň 10%-ni  şöhlelenýän glofiş balyklary tutýar.

 

Oguljemal BATYROWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby