logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Germaniýada her ýyl geçirilýän dünýä belli feýerwerk görkezilişi ýatyryldy
  19.10.2022
1332
Germaniýada her ýyl geçirilýän dünýä belli feýerwerk görkezilişi ýatyryldy

Germaniýanyň Köln şäherinde her ýyl geçirilýän «Kölner Lichter» (Köln yşyklary) atly feýerwerk görkezilişi (sergisi) Ýewropada dowam edýän energiýa krizisi we ykdysady kynçylyklar sebäpli ýatyrylandygy habar berildi.

«Kölner Lichter» Guramaçylyk komiteti - 2023-nji ýylyň iýul aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä belli, aýdym-sazyň astyndaky feýerwerk görkezilişiniň çykdajylaryny dolandyrmagyň mümkin däldigi sebäpli ýatyrylandygyny habar berdi.

Ýüze çykan energiýa krizisi we ykdysady kynçylyklar sebäpli festiwalyň haçan geçiriljegi näbellidigi mälim edildi.

Adatça Reýn derýasynyň kenarynda, aýdym-sazyň astynda geçirilýän feýerwerk festiwalyny synlamaga Germaniýanyň dürli şäherlerinden we Ýewropa ýurtlaryndan takmynan, 800 müň adam gelýärdi.