logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gazagystanda geçiriljek prezident saýlawlaryna Gazagystanyň raýatlary Aşgabatda ses berip bilerler
  24.10.2022
802
Gazagystanda geçiriljek prezident saýlawlaryna Gazagystanyň raýatlary Aşgabatda ses berip bilerler

20-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler. Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, daşary döwletleriň 53-sinde Gazagystanyň daşary ýurtlardaky edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 68-si döredildi.

Habarda, «Gazagystan Respublikasynyň işjeň saýlamak hukugyna eýe bolan, hususy, gulluk, okuw, işewürlik we syýahatçylyk maksatlary boýunça degişli daşary döwletlerde ýaşaýan ýa-da bolýan hem-de GR-niň raýatynyň hakyky pasportyna eýe bolan raýatlary ses bermäge gatnaşmak üçin Gazagystanyň diplomatik ýa-da konsullyk wekilhanasynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastogyna ýüzlenip bilerler» – diýlip bellenilýär.

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ses bermeklik saýlaw güni (ýekşenbede) ýerli wagt bilen sagat 07:00-dan 20:00-a çenli geçiriler.

Daşary ýurtlarda ses berilişige öz wagtynda we doly taýýarlyk görmek üçin gazagystanlylardan saýlaw uçastogy bilen öňünden habarlaşmagy hem-de saýlawçylaryň sanawyna goşmak üçin maglumatlary bermegi haýyş edilýär. 

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 

744036, Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, 11, 13, 15
tel.: (+99312) 48-04-68, 48-04-69
e-mail: ashgabat@mfa.kz